
Şan-şöhrata beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp, täze ýyla ýagşy umyt-arzuwlar bilen barylýan nurana günlerde hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykyp, giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy agzybir halkymyzyň köňül buýsanjyny has-da artdyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň çuňňur many-mazmuna beslenen kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Kitapda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda bitirilen şöhratly işler, ýaş nesliň bu beýik işlerdäki orny mynasyp wasp edilýär. Hut şu ýagdaýyň özi-de hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň gymmatyny has artdyrýar. Ol okyjylar köpçüliginiň, esasan-da, ýaşlaryň iň arzyly eserleriniň hatarynda orun alýar. Orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlarymyzyň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklerde zehinlerini görkezip, mynasyp bolýan altyn, kümüş we bürünç medallary Garaşsyz Watanymyzda ylym-bilim binýadynyň berkden tutulandygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmen türgenleri dünýä derejesinde sportuň dürli ugurlary boýunça geçirilýän bäsleşiklerde ýeňiş gazanmagy başarýarlar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygyny subut edýärler. Bu guwançly gürrüňler dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň buýsançlaryna buýsanç goşdy. Ýokary hilli çap edilen kitapda ýerleşdirilen fotosuratlar bolsa many-maňyzly sözleriň üstüni ýetirip, okyjylaryň göwnüni göterýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygy ündelýär. «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň bilime bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny nygtaýar. Bu bolsa geljegiň bilimli, ylymly ýaşlara bagly boljakdygyny alamatlandyrýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bilim biziň beýik geljegimizdir. Şonuň üçin hem bagtyýar ýaşlarymyz hemişe bilime, ylma teşne adamlar bolmalydyr. Bu beýik garaýyş täze taryhy eýýamda ýaşlaryň durmuş ýörelgesiniň gözbaşynda durmalydyr.
Şeýle gymmatly pikirleri bilen kalplarda ak arzuwlary oýarýan, beýik geljege bolan ynamy berkidýän çuň manyly eseri halkymyza sowgat beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary diňe rowaçlyklara beslensin!
Arslanhan ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň demir ýol ulaglary fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby.



