
Hormatly Prezidentimiziň Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ýurdumyzda sirk sungatyny has-da kämilleşdirmekde we sirkleriň işiniň ösdürilmegini goldamakda möhüm ädim boldy. Ýakynda şu mynasybetli Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde hoşallyk maslahaty geçirildi.
Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagynyň örän möhüm ähmiýeti bardyr. Diýarymyzda sirk sungaty Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde gaýtadan dikeldildi.
Täze taryhy döwürde döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary bilen, medeniýet ulgamynyň bu pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň, hukuk esaslarynyň düýpli gowulandyrylmagy, kämilleşdirilmegi, sirk sungatynyň döredijilik işgärlerine giň mümkinçilikleriň döredilmegi özüniň ajaýyp miwesini berýär. Hususan-da, bütin dünýäde özboluşly çykyşlary bilen tanalýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ençeme halkara sirk festiwallarynda baýrakly orunlara eýe bolmagy sungatyň bu ugrunyň ýurdumyzda aýratyn üns-alada bilen gurşalýandygyny görkezýär.
Geçen ýyl ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde ýokary amatlyklara eýe, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň açylyp ulanmaga berilmegi has-da guwandyryjy waka boldy. Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hem milli at üstündäki oýunlar, sirk sungaty ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň sirkleriniň işini döwrebap guramaga, hünärmenleriň täze nesliniň ýetişdirilmegine ýakyndan ýardam berer.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Medeniýet hakynda» we «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklap bermegi döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimizde aýratyn buýsanç döretdi. Bu resminama ýurdumyzda sirk sungatyny döwrüň talabyndan ugur alyp ösdürmäge, ony halkara derejä çykarmaga gönükdirilendir.
Göwher AGAMYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



