Žurnalistiň sahypasy

Ýylymyzyň şygary — ylham çeşmämiz

17-01-2024 / 13

Parasatly pederlerimizden miras galan asylly edähetleriň we däp-dessurlaryň ýyllarboýy üýtgewsiz dowam etdirilmegi halkymyzyň diňe bir düýnüne ygrarlydygyny däl, eýsem, şu gününe we ertirine hem ynamlydygyny äşgär edýär. Her ýylymyz hem tutuş halkymyzy şanly rowaçlyklara, belent sepgitlere höweslendirýän, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşmaga ruhlandyrýan ganatly şygar bilen atlandyrylýar.

Belent maksatlara beslenýän ýyllar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyl, rowan ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzy, bagtyýar halkymyzy arzyly menzillere ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylham güzerinden gözbaş alan, döredijilik dünýäsinden kemal tapan ajaýyp şygyr setirlerini şygar edinen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem uly ruhubelentlige beslenip, ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylýan dabaralar bilen badalga aldy. Ýylyň şygarynda halkymyzyň ruhy dünýäsine, beýik şahyrymyzyň umman ýaly giň döredijiligine, paýhasyna çäksiz hormat aýdyň şöhlelenýär.

Şanly senelere beslenjek 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň düýp mazmunynda hem umman ýaly giň we çuň many şöhlelenýär. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly belleniljek sahawatly ýylyň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşi tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi halkymyzyň akyldar şahyrynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetini bütin dünýäde dabaralandyrjak taryhy-syýasy ähmiýetli waka boldy. Akyldar şahyrymyzyň Köpetdagyň eteginde bina edilýän heýkeli halkymyzyň kalbynda, hakydasynda Magtymguly Pyragynyň ebedilik ornuny, nesilleriň oňa belent sarpasyny alamatlandyrýar.

Ata Watanymyzda gazanylýan şanly ösüşler, her günki ýetilýän belent sepgitler hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler bolsa biziň esasy ruhy gönezligimiz we ylham çeşmämizdir. Merdana halkymyza baky bagtyýar durmuşy, döwletli döwrany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Merdan ATAJANOW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniñ Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu