
Her ýyla halkyň göwün islegine görä mynasyp adyň dakylmagy eýýäm birnäçe ýyldan bäri biziň her birimizi juda gyzyklandyrýan we tolgundyrýan ýörgünli däbe öwrüldi. Tamamlanyp barýan ýylyň soňky günlerinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylandygy baradaky hoş habaryň uly şatlyk bilen kabul edilmegi hem ildeşlerimiziň her biriniň ýüreginde beslän arzuwynyň wysal bolandygyny alamatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň il-ulsumyzyň teklibini goldamagy bilen, göwün islegimiz hasyl boldy. Adyndan belli bolşy ýaly, şanly ýylymyzyň ilkinji günleri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýürek owazlarynyň joşgunyna, toý-dabaralaryň şatlygyna beslenýär. Şanly ýylymyzyň şöhratly wakalary bizi döredijilikli zähmete, belent maksatlara ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy özgerişliklere beslenmegine, halkara abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşmaga höweslendirýär. Şeýle-de akyldar şahyrymyzyň baý döredijilik mirasynyň halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülmegine badalga berýär.
Ýylymyzyň ganatly şygary ildeşlerimiziň her birini hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen tutumly ýörelgesinden gelip çykýan aýdyň maksatlary asylly işler, ajaýyp eserler arkaly çeper wasp etmeklige hyjuwlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde söz mülküniň şasy Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiliginiň çuňňur öwrenilmegi we dünýä ýaýylmagy bilen, türkmen halkynyň ykbalyny öňünden gören Magtymguly Pyragynyň şygryýet äleminiň many goýazylygyna içgin aralaşylýandygy jemgyýetçilik guramalarynyň işgärlerinde we ýaşlarda ruhy joşgun döredýär. Gündogaryň ajaýyp akyldarynyň 300 ýyllyk ýubileýini dünýä derejesinde dabaralandyrmaklyga görülýän taýýarlygyň çäklerinde şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, Türki medeniýetiniň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi we çeper söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024—2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy biziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Dana Pyragyny dünýä beren halkymyzyň mertebesi Ýer ýüzünde hemişe belentdir» diýip belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan şygyrlary külli adamzat nesliniň köňül nagşydyr.
Nazar SERDAROW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniñ Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň talyby.



