
Her ýyl bolşy ýaly, berkarar döwletimiz 2024-nji ýyly hem göwünleri ganatlandyrýan, ylhamlary joşdurýan taryhy wakalaryň gurşawynda garşylady. Şol wakalaryň iň esasylarynyň biri bolsa üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagydyr.
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary we hormatly Prezidentimiziň goldamagy bilen, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hoş habarlaryň seresidir we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralarynyň toýlanjak ýyly üçin iň mynasyp atdyr.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudagy, şol sanda ylym, bilim, sport ulgamlary, ýaşlar syýasaty bilen bagly alnyp barylýan işler milli we halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirilip, ýokary netijeler gazanylýar. Munuň şeýledigini 2023-nji ýylda ýurdumyzda durmuşa geçirilen taslamalaryň, beýik işleriň, gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.
Biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerini başdan geçirýäris. Akyldar şahyrymyzyň beýikliginiň serhetlere sygmaýşy ýaly, onuň doglan gününiň dabaralary hem günleriň, hepdeleriň, hatda aýlaryň çygryndan aşyp, ýylboýy geçiriler. Şonuň üçin hem biz eýýäm akyldar şahyrymyzyň şanyna dünýä derejesinde tutulýan toýa girişdik.
Türkmen ykbalyny, geljegini hemişe-de öz neslinde gören halkdyr. Täze ýylyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ähli türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Täze kitapda beýik geljegimiziň gurujylary bolan merdana ýaşlarymyz, olaryň şu günki we geljekki wezipeleri hakynda täsirli söhbet açylýar. Täze kitapda özlerine bildirilen ynamy üstünlikli ödän ýaşlara geljekde beýik işlere çakylyk bar. Bu neşir ýaşlarymyzyň, şeýle hem ähli watandaşlarymyzyň ýankitabyna öwrüler. Täze kitapda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylymda, bilimde, şol sanda sportda tapawutlanan ýaşlaryň atlarynyň tutulmagy biziň buýsanjymyzy goşalandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp hem-de halkymyzyň erk-islegi esasynda 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrylmagy bolsa ýaşlary täze döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem türkmen türgenlerine beýik ýeňişleriň, uly üstünlikleriň ýar boljakdygyna berk ynanýarys.
Güljahan NURMYRADOWA,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň hünärmeni.



