Žurnalistiň sahypasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen sporty

17-01-2024 / 12

Üstünliklere beslenip gelýän ýyllar şöhratly taryhymyza altyn sahypalar bolup ýazylýar. Belent maksatlar bilen gadam basan 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi beýik başlangyçlaryň dabaralanmasy boldy. Her ýyl bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýurdumyzda gazanylan sport üstünlikleri hem sanardan juda köp. 

Hormatly Prezidentimiziň Kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýokary üstünlikleri gazanan türgenlere we tälimçilere, şeýle hem futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolan «Arkadag» futbol klubuna Şa serpaýlaryny gowşurmagy şanly ýylyň sport üstünliklerini has-da dabaralandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýeňiş gazanmak siz bilen, alkyşlamak biz bilen!» diýen ruhlandyryjy sözleri türgenlerimizi täze sport ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Edilýän tagallalaryň netijesinde, türkmen toparlary we ýygyndylarymyz dürli derejeli halkara ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem üstünliklere beslemek üçin ýokary derejeli türgenleşikler yzygiderli geçirilýär. Biziň sport mekdebimizde hem dürli derejeli okuw-türgenleşikler ýokary depginde alnyp barylýar. 

Täze ýylymyzyň ilkinji günlerinde gazanylan ilkinji halkara ýeňiş ähli halkymyzy buýsandyrdy. Resmi çeşmelerde aýdylyşy ýaly, Omanyň Maskat şäherinde 14 ýaşa çenli tennisçi gyzlaryň arasynda geçirilýän halkara ýaryşdan ilkinji hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy ýanwarda tamamlanan halkara ýaryşda türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa altyn medala mynasyp boldy. Munuň özi türkmen sportunyň ajaýyp ýeňşi bolmak bilen, türgenlerimiziň şu ýylda-da uly üstünlikleri gazanjakdyklarynyň aýdyň nyşanydyr.

Ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Goý, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem türkmen türgenlerine beýik ýeňişler, uly üstünlikler hemra bolsun!

Begmyrat MYRADOW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu