Žurnalistiň sahypasy

Sport — ýaşaýşyň gözbaşy

16-01-2024 / 14

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanýan ýyly boldy. Döredilýän döwrebap şertleriň, giň mümkinçilikleriň gurşawynda okap bilim alýan, dürli kärlerde zähmet çekýän, ylym, döredijilik, sport bilen meşgullanýan ýaşlarymyz uly üstünlikleri gazandylar. 

Sport — parahatçylygyň ilçisi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn goldawlaryndan ylham alýan ýaşlar halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanyp, eziz Watanymyzyň sport abraýyny has-da belende göterýärler. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby bolsa ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. 

Türkmen sportuny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan ägirt uly işler milli sportumyzy dünýä çykarmaga uly badalga berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy muny ýene bir gezek tassyklady. Paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda türgenlerimiz uly üstünlik gazanyp, öz güýçlerini, gujur-gaýratlaryny görkezdiler. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly» bölüminde: «Garaşsyz Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamyna eýe bolan, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan, halkara sport hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalýar» diýip belleýär.

Häzirki döwürde türkmen ýaşlary ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda sportuň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin.

Toýlymyrat GURBANMYRADOW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu