Žurnalistiň sahypasy

Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýany

17-01-2024 / 12

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň maslahatynyň 28-nji mejlisinde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýany, Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edilip ýaýradyldy.

Beýannama Baş Assambleýanyň häzirki mejlisiniň gün tertibiniň «Adamzadyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbidine global howany goramak» hem-de «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy» bentleri boýunça neşir edildi. Resminamada, hususan-da, Türkmenistanyň Global Metan borçnamasyna goşulmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) bilen bilelikde BMG-niň Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi tehnologiýalary Sebit merkeziniň Türkmenistanda açylmagy üçin kanuny esas döredilendigi barada habar berilýär. Resminamanyň doly teksti bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

Täzegül KULJIKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu