
Kalby joşgundan, ýüregi buýsançdan doly agzybir halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. Şanly ýylymyzyň mynasyp şygara beslenmegi ähli halkymyzda hoşallyk duýgusyny döretdi.
Taryhyň gatyndan mynasyp orun alan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tutuş dowamynda döwlet durmuşyny gurşap alan ähli wakalaryň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşyna-da dahyllylygy, olaryň aýratyn üns bilen gurşalyp, köptaraply bähbitlerini nazarlaýan özgertmelerdigi bilen aýratyn tapawutlandy. Şöhratly ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi hem-de amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy, «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnalyň döredilmegi, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi, Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmegi, bu şäheriň bolsa ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Taryhy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk babatdaky ornuny has-da berkitdi.
Paýtagtymyzda ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we köpugurly serginiň geçirilmegi şöhratly ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi. Ýurdumyzda ýaşlaryň şu güni we geljegi babatda alnyp barylýan işleriň netijeleri bilen tanyşdyrmak, ýaşlaryň durmuşyny täze maksatlaryň ýoly bilen ilerletmäge itergi bermek halkara ähmiýetli forumyň esasy maksady boldy. Iri forumyň çäginde ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarda ýeňiji bolan, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan ýaşlaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy halk hojalygynyň dürli ugurlarynda olaryň geçirilýän işlere işjeň gatnaşýandygyny ýene bir ýola äşgär edýär. Şeýle toýly günlerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin durmuşda ýolgörkeziji şamçyraga öwrüljek «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmegi tutuş halkymyzyň, şol sanda watançy nesillerimiziň köňlüni ganatlandyrdy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda hem beýik işler üstünlikli durmuşa geçiriler, milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylar, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belent derejelere ýetiriler. Bu babatda beýik işlere badalga berip, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä derejesinde şöhratlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Şahyjemal SAPARMYRADOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.



