Žurnalistiň sahypasy

Beýik tutumlaryň, rowaçlyklaryň ýyly

10-01-2024 / 13

Beýik işleriň rowaçlanýan, döwletli tutumlaryň badalga alýan taryhy döwründe her bir ýyl ajaýyp şygara beslenip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şatlyk-şowhun bilen bosagadan ätlän 2024-nji ýylymyz hem Gahryman Arkadagymyzyň joşgunly dünýäsinden gözbaş alýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň ady bilen bile geldi. 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasy bu günki gün belent maksatly tutumlar bilen şöhratlanýar. Pyragynyň pähimi deýin köňülleri, ýürekleri birleşdirjek 2024-nji ýylda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenip geçiler. Bu ajaýyp toýuň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy dana atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasynyň älem içre uludan tutuljakdygyny alamatlandyrýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly akyldar şahyrymyzyň ýüreklerde baky orun alan şygyrlary deýin, ýurdumyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy ýyllaryň birine öwrüler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza Täze ýyl Gutlagynda: «Ýagşy arzuw-niýetler, belent maksatlar bilen garşy alýan täze ýylymyz il-ýurt bähbitli rowaçlyklaryň ýyly bolar» diýip belleýşi ýaly, 2024-nji ýyl şanly toýlaryň, uly üstünlikleriň gazanylýan ýyly bolar. Il-halkyň bähbidine iş tutup, belent sepgitlere, ösüşli menzillere gadam urmak taryhy döwrümizde baş maksadymyzdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarynyň mazmuny bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek beýik işler ata Watanymyzyň galkynyşlaryň, ruhy joşgunyň mekanydygyny äleme aýan eder. Çünki bu berkarar döwlet — Pyragynyň beýik arzuwy.

Galkynyşly ajap eýýam — akyldar şahyrymyzyň çoh garaşan eýýamy. Bu ajaýyp ýyl — Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän kämil şygryň ady berlen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly. Şanly hem-de joşgunly ýylymyz düşümli bolsun!

Aýna KURBANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu