Žurnalistiň sahypasy

Ýylyň şygarynda, halkyň ykrarynda Pyragy

15-01-2024 / 13

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene-de bir ajaýyp ýylynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi akyldar şahyryna belent sarpa goýýan halkymyzy, şol sanda ähli bilim-terbiýeçilik işgärlerini hem buýsandyrdy. Çünki Pyragynyň edebi mekdebi ýaş nesilleri terbiýelemekde, olaryň ylma aralaşmaklaryna ýol açmakda şamçyrag bolup durýar. Şoňa görä-de, Magtymguly atamyzyň öwüt-ündewlere, terbiýe taglymatyna ýugrulan ajaýyp eserleri häzirki taryhy döwrümizde hem bilim-terbiýeçilik işinde işjeň peýdalanylýar. Ýylymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň şygryndan ugur alnyp buýsançly şygara eýe bolmagy bolsa bu ugurda alnyp barylýan terbiýeçilik ugurly işleri has-da işjeňleşdirmäge, onuň mazmuny arkaly nesillerde döwletli döwre, milletiň akyldaryna hormat duýgusyny ebedileşdirmekde baý mazmunly mümkinçilikleri açýar. Şu nukdaýnazardan, bilim ojaklarynyň hatarynda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýylymyzyň şanly şygaryndan ugur alyp, Magtymguly atamyzyň döredijilik mirasyna eýerip okuw-terbiýeçilik, usuly-guramaçylyk işleri milli usulyýetiň gazananlaryna laýyklykda guralýar.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl Gutlagynda: «2024-nji ýyl beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak şanly senelere beslener» diýen sözleri bolsa bu ýylyň taryhy wakalara beslenjekdigini alamatlandyrýar. Baý mazmunly medeni çäreleriň, edebi-ylmy işleriniň, guramaçylyk taslamalarynyň geçirilmegi bilen Gündogaryň beýik söz ussadynyň sarpasynyň dünýäde ýene-de şöhratlanjak bu ýylynda halkymyzyň köňül çeşmesi hem has-da terlenip, edebi döredijiligiň täze eserleri, ýaş nesliň edep-terbiýeçilik kämilligi barha ýokarlanar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygary astynda Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan usuly-guramaçylyk işleriniň çäklerinde bilim işgärleriniň syýasy, edebi sowatlylyklaryny baýlaşdyrmaga, jemgyýetçilik we medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga hem ähmiýet berilýär. Bu ugurda jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yglan edilýän bäsleşiklere, döredijilik agşamlaryna, duşuşyklara gatnaşylýar. Munuň özi nesil terbiýesi we olaryň sowatly kemala getirilmegi ugrundaky işlerde milli tejribäniň, hünär kämilliginiň ösdürilmeginde oňyn netijelidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň baý edebi mirasyny dünýäde wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hem-de Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize, akyldaryň sarpasyny belent tutmakda kämil nusga görkezýän Gahyrman Arkadagymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Maýagözel MUHAMMETBERDIÝEWA,
Mary şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu