
Ýokary ruhubelentlik bilen gadam basan 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy il-günümiziň kalbyny heýjana getirip, buýsanç duýgularyny peşgeş berdi.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, Täze – 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpa diýseň ýokary. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanyljakdygy hem muňa şaýatlyk edýär. Bu ýylyň tutuş türki dünýäsinde hem «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda geçjekdigini bellemek gerek.
Şanly hem şatlykly günlere beslenip, halkymyzyň kalbyny buýsanç şuglasy bilen ganatlandyran Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ähli babatda ägirt uly üstünlikler gazanyldy, halkara hyzmatdaşlygynda belent sepgitlere ýetildi. Hut geçen ýylda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň, şonuň bilen birlikde-de, dünýäniň medeni ösüşine ýurdumyzyň goşýan beýik goşandynyň subutnamasydyr.
Hezret ÖWEZGELDIÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.



