Žurnalistiň sahypasy

Uly ösüşleriň, şanly wakalaryň ýyly

15-01-2024 / 11

Täze — 2024-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdyk. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz uly ösüşleriň, şanly wakalaryň ýyly bolar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny garşy alarys. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanandygy buýsandyryjydyr.

Bosagadan ätlän 2024-nji ýyl türkmen halky üçin ýatdan çykmajak bagtly hem şatlykly ýyllaryň birine öwrülip, taryh sahypasyna altyn harplar bilen ýazylar. Çünki bu ýyl mähriban halkymyz dünýä halklary bilen birlikde beýik akyldar şahyrymyz, Berkarar döwleti islän, mukaddes arzuwlary gursagynda göteren, ajaýyp dürdäne setirleri bilen kalplara nur çaýan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçer.

Gahryman Arkadagymyzyň görnükli akyldar şahyrymyzyň sarpasyny, hormatyny has-da belent tutup: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip bellemegi şahyryň döredijiligine, umman ýaly çuň akyl-paýhasyna belent sarpadyr.

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, ata Watanymyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermek uly mertebe we bagtdyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Gülaýym SAPARMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu