Žurnalistiň sahypasy

Taryhy döwrümiziň waspnamasy

14-01-2024 / 13

Paýtagtymyzda ýaşlaryň ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň geçirilmegi, ýokary derejeli foruma barylýan günlerde bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy uly üstünliklere beslenip tamamlanan buýsançly şygarly ýylymyzy has-da dabaralandyryp, ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine buýsanýan ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini artdyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýýän sözleri ýaşlary Watanyň, halkyň, tutuş adamzadyň bähbitlerine dahylly işlerde yhlasly, gujurly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, dürli ugurlardan kämil baş çykarmaklary babatda giň mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň dünýä derejesinde bilim almagyna, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna gönükdirilendir. Okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri bolsa ýaşlaryň ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmegine, ylym äleminde täze oýlap tapyşlaryň döremegine giň şert döredýär.

Hormatly Prezidentimiz bu kitabyň üsti bilen türkmen ýaşlaryna halka, adamzada hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezýär. Täze kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri, gazanan ajaýyp üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Kitabyň ilkinji sahypasynda hormatly Prezidentimiziň: «Biz orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgul bolýan ýaşlarymyz hakynda uly aladalary edýäris» diýip bellemegi uly mana eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ganatly sözleriniň aňyrsynda beýik ynam bar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr.

Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, bagtyýar türkmen ýaşlaryna Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galmagynyň bähbidine mynasyp zähmet çekip, uly yhlas, gujur-gaýratlary, zehinleri bilen goşant goşmaga ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Perman NOWBATOW,
TDP-niñ Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu