
Täze taryhy döwrümizde milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny mundan beýläk hem ýokary galdyrmak, ýaş nesle Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligini, edebi mirasyny öwretmek we dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda ýaş nesli terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.
2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrylmagy dünýä belli nusgawy şahyrymyza goýulýan hormatyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle-de döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň, türkmen halkynyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, parahatçylygyň, döredijiligiň hem-de ösüşiň belent ynsanperwer gymmatlyklaryna we maksatlaryna ygrarlydygynyň beýanydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler uly üstünliklere beslenýär, berkarar döwletimiziň mizemezligi, halkymyzyň agzybirligi, jebisligi barha berkeýär. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşaýar. Bir supranyň başyna jemlenen halkymyzyň tutýan toý-baýramlarynyň dabarasy dagdan aşýar.
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ýakynlap gelmegi bilen nusgawy şahyrymyzyň ruhy tirsege galdy. Beýik akyldar Magtymguly Pyragy diňe bir goşgularydyr kitaplary bilen däl-de, eýsem, watansöýüjilik göreldesi bilen köňüllerde tagt guran şahyr. Akyldar şahyrymyzyň dürdäne setirleri biziň her birimiz üçin gymmatly gollanma, şamçyragly ýol-ýörelge.
Türkmen edebiýatynyň solmaz çyragy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän, ruhy gymmatlyklarymyzy hormatlap, söz sungatynyň ägirtleriniň sarpasyny belent tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Käbejan OMAROWA,
Boldumsaz etrap merkezi kitaphanasynyň Bitarap Türkmenistan geňeşligindäki şahamçasynyň kitaphanaçysy.



