
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär.
Türkmenistanda bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Diýarymyzyň bilim ojaklarynyň 8-si “UI GreenMetric” agentligi tarapyndan 2023-nji ýyl üçin işlenip taýýarlanan dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizildi. Bu sanaw ýokary okuw mekdepleriniň ekologik desgalarynyň kämilleşdirilişine, olaryň daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe goşandyna laýyklykda taýýarlanylýar.
Ýokary we orta hünär bilim edaralarynda elektron bilim portallary işe girizilip, olarda elektron okuw-usuly maglumatlar, sapaklaryň wideoýazgylary, testleri we synaglary geçirmek üçin ulgamlary, gatnaşyk žurnallaryny, hasap-synaglaryň žurnallary ornaşdyryldy. Umumybilim edaralarynda “E-mekdep” ulgamy işlenip düzüldi we synagdan geçirildi. Bu ulgam arkaly ata-eneler dürli dersler boýunça çagalarynyň ýetişigi bilen tanşyp bilýärler.
Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde Diýarymyzyň ähli sebitlerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň häzirki zaman binalary gurlup ulanmaga berilýär. Bu binalar döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi. 2023-nji ýylda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň onlarçasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Her ýyl birinji synp okuwçylarynyň ählisine “Bilimli” atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy bagtyýar geljegi gurmagyň ýolunda üstünlikli ädimleriň aýdyň görkezijisi bolmak bilen, bilimler we ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara bäsleşiklere, internet olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, dürli derejedäki medallara mynasyp bolmaklary munuň aýdyň güwäsidir.
Ýaş nesillerimiz, olaryň sazlaşykly ösüşi, kämil ylym-bilimli bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyzyň, ýaşlara geljegi gurujylar hökmünde ýokary baha berýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Süleýman HEMRAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.



