
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Ylym we bilim jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň wajyp şerti bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris» diýip belleýşi ýaly, döwletiň geljegi, jemgyýetiň ösüş tapgyrlary köp babatda ylymly, bilimli ýaş nesillere baglydyr.
Ýaş nesillerimiziň üstünlikleri — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir. Ýaş raýatlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, şeýle-de olaryň geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Milli bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin mynasyp hünär derejeli işgärleri taýýarlamaklygyň zerurlyklary hasaba alnyp, bu ugra oýlanyşykly çemeleşilýär. Bu möhüm wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ähli mümkinçilikler döredilendir. Şol mümkinçiliklere esaslanyp, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Şonuň bilen bir hatarda, ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerini doly hojalyk hasaplaşyk usulyna tapgyrlaýyn geçirmek maksady bilen, tölegli esasda okamaga isleg bildirýänler üçin orunlar bölünip berilýär.
Ýaşlaryň daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilmegi, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan ýaşlara iki ýyllyk hökmany iş tejribesi bolmazdan, diplom bermek baradaky teklipler hem bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna esaslanýar. Ýaşlaryň milli we iri halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi-de örän buýsandyryjy ýagdaýdyr. Ýaşlaryň halkara bäsleşiklerde şeýle ynamly çykyş etmekleri hem-de köp sanly baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary döwlet Baştutanymyzyň ösüp gelýän ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine berýän uly ünsüniň anyk netijeleridir.
Bilimli ýaşlar — döwrümiziň geljegi. Türkmen halkynyň döredijilik ýol-ýörelgesiniň mizemez binýady hem hut ýaşlaryň elindedir. Olar milletimiziň mertebesidir, şöhratly taryhymyzyň baky dowamatydyr. Ykbaly gülläp, bagt guşy asuda asmanynda ganat ýaýan türkmen ýaşlarynyň bu günki günde ümzügi ileri, maksatlary aýdyňdyr.
Läle IGDIROWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.



