
Bilim — ynsanyň durmuş ýodasynyň çelgisi. Bilim ähli mümkinçilikleriň gözbaşy bolmak bilen, adamzat taryhynda aýrylmaz gymmatlyk bolup hyzmat edip gelipdir. Çünki bilimli ynsanyň ertirleriniň ýagty boljakdygy ikuçsuzdyr.
Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara derejeli bilim ojaklarynyň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet arkaly dünýä maglumatlar binýadynyň we elektron kitaphanalaryň giň elýeterliligi bilen baglydyr.
Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň güýz paslynyň ilkinji gününde Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebine, okuw-terbiýeçilik toplumyna, ýöriteleşdirilen mekdeplere, çagalar baglaryna körpeleriň, okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň ruhubelentlik bilen gadam basandyklaryny bellemelidiris. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriň işjeň çekilendigini nygtamak zerur. Munuň özi häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmaklary, öz ukyp-başarnyklaryny iş ýüzünde ýüze çykarmaklary, döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar. Ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejä çykýar. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
Baýram AMANMYRADOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.



