Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar — Watanymyzyň kuwwaty

12-01-2024 / 18

Geljegi barada alada edýän her bir döwlet ylymly-bilimli, gujur-gaýratly, Watana wepaly, ösen döwletleriň ýaşlaryndan kem bolmadyk, geçmiş taryhyna sarpa goýýan, Watanyň ösüşlerine özüniň saldamly goşandyny goşup biljek kämil ýaş nesli terbiýelemek barada alada edýär. Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz hem şu asylly maksatlary ýörelge edinýän döwletleriň hatarynda durýar.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen 2023-nji ýyl ýaşlaryň durmuşyna altyn harplar bilen ýazyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny has-da şöhratlandyrdy.

Täze kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri, gazanan ajaýyp üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Kitabyň ilkinji sahypasynda hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemegi uly mana eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ganatly sözleriniň aňyrsynda beýik ynam bar. Döwletlilik ýolunyň tejribesi bar. Çünki hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr.

Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini ygtybarly goraýan, olaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän kanunçylyk namalary hereket edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olaryň ylmyň soňky gazanan innowasion sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmaklaryny gazanmak, watansöýüjilik düşünjesini has artdyrmak, hünär öwretmek, sportuň dürli ugurlary boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeler durmuşa geçirilýär.

Ýaşlar baradaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerimizi aýdýarys.

Aýna GELDIÝEWA,
Halaç etrap kazyýetiniñ kazyýet kätibi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu