
Kitaphanalar we kitaplar barada binäçe ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiliklerinde aýtgylara duş gelmek bolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem “Alymlara uýsaň, açylar gözüň, jahyllara uýsaň kör dek bolar sen” hem-de gündogaryň beýik akyldar danalarynyň biri Abdyrahman Jamynyň “Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy, başarsaň sen bolgun onuň gümrasy” diýip belleýişleri ýaly kitap okamaklyk her bir ynsanyň kalbynda gowy, oňyn häsiýetleri oýarýar.
Maglumat tehnologiýasy asyry adamzat ýaşaýyşynyň ähli ugurlaryna düýpli özgerişleri alyp geldi. Tehnologiýanyň ösmegi adamzadyň ýaşaýyşyna hem täzelikleri getirýär. Global internet tory okyjylaryň kitap okamaga bolan mümkinçiliklerini ýeňilleşdirdi we giňeltdi. Indi sanlyja sekuntlarda islendik kitaby alyp okap bolýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr” diýip, möhüm ulgamyň işindäki özgertmeleriň uly ähmiýete eýedigini nygtaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze kitaphanalaryň gurulmagy, elektron kitaplaryň ýaýradylyp ugradylmagy bu aýdylanlaryň tüýs durmuş hakykatyna öwrülendigine şaýatlyk edýär.
Köp zadyň elektron nusgasynyň bolşy ýaly, kitaphanalaryň hem elektron nusgalary peýda bolup başlady. Ösen aragatnaşyk tehnologiýasy kitaphanalaryň hem öz okyjylaryna elektron kitaplara elýeterliligini üpjün edýär. Şeýle kitaphanalar öz abonentlerine elektron kitaplaryny tölegsiz ýa-da elýeterli bahadan hödürleýär. Öýüňde ýa-da iş ýeriňde, tapawudy ýok, oturan ýeriňde özüňe gerekli kitabyň elektron nusgasyny alyp bolýar. Elektron kitaphanalarda hem adaty kitaplaryň deregine elektron kitaplaryň haýsydyr bir elektron görnüşinde saklanýan gory bolýar. Häzirki wagtda kitaphanalar özleriniň elektron nusgalaryny taýýarlaýarlar. Kitaphananyň bu görnüşi gerekli çeşmäni almak üçin wagt we ýer çäklendirmesiniň bolmadyk nusgasydyr. Bu ýagdaý kitaphanadan islendik wagtda, islendik ýerde peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Elektron kitaplardan peýdalanmak belli bir derejede tehnologiýadan habarly bolmagy talap edýär. Häzirki wagtda muňa dolulygyna mümkinçiligiň bardygyny bellemek gerek. Elektron kitaplaryň amatly taraplarynyň biri hem müňlerçe kitabyň elimizdäki kiçijek ekrana sygýandygydyr. Adaty kitapdan tapawutlylykda elektron kitaby şol bir wagtda birden köp adam okap bilýär. Şeýle hem elektron kitaplary gözläp tapmak hem örän aňsat.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap birnäçe kitaphanalar giň okyjylar köpçüligine hyzmat edýär. Bu bolsa ösüp gelýän her bir ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly orna eýedir. Kitaphana diýmeklik düýpli baýlyk diýmeklikdir. Kitap okaýan adamyň dünýägaraýşy we gözýetimi giň bolýar, beýleki adamlardan düşünjesi akyl-paýhasy tarapyndan tapawutly bolýar. Durmuşyň ähli meselelerine çemeleşişem oýlanylyşykly bolýar.
Nargiza HUDAÝBERGENOWA,
Darganata etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.



