
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu günki gün ýaşlar bilim dünýäsiniň gymmatlyklaryny kalplaryna guýup, täze üstünliklere gadam basýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda milli ylym-bilim ulgamy günsaýyn özgerýär. Şol özgerişliklerde we ösüşlerde bolsa eýýäm orta mekdepde bilim alýan ýaş nesilde ýaş alymlar nesliniň kemala gelýändigine we olaryň ylym öwrenmekde birjik-de çetde galmaýandyklaryna göz ýetirmek bolýar.
Mekdep maksatnamasynyň ilkinji günlerinde körpe nesle kompýuter sowadynyň öwredilmegi döwlet derejesinde bilime berilýän aýratyn ünsden habar berýär. Lebap welaýatynyñ Saýat etrabyndaky 5-nji orta mekdebimizde hem ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almaklary üçin döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Mekdebimizde lingafon, kompýuter, zähmet, aýdym-saz otaglary, sport ýaryşlaryny, bedenterbiýe sapaklaryny geçirmäge niýetlenilen sport zaly, daşky sport meýdançalary göz öňünde tutulyp, bilim işgärleriniň ýaş nesle kämil bilim-terbiýe bermekleri üçin ähli zerur şertler bar.
Nesil terbiýesi türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgeleriniň esasy özenini düzýär. Sagdyn bedenli, zähmetsöýer, watansöýüji, bilimli, ylymly ýaşlar jemgyýetimiziň esasy baýlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýaşlary döwrebap okatmak üçin biz — mugallymlara giň şertler döredilýär. Bu döredilýän mümkinçilikler etrabyň ýaşaýjylarynyň hem başyny Göge direýär.
Buýsanç bilen mekdebiň gapysyndan gelýän bagtyýar ýaşlar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirýärler.
Ogulgerek ÖDEMYRADOWA,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.



