
Türkmen halky täze, 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny jebislikde, ýagşy arzuwlar bilen garşylady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy biz — ýaşlara uly sowgat boldy.
Täze kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri, gazanan ajaýyp üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Kitabyň ilkinji sahypasynda hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemegi uly mana eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ganatly sözleriniň aňyrsynda beýik ynam bar. Döwletlilik ýolunyň tejribesi bar. Çünki hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr.
Merdana ata-babalarymyz çuňňur mazmunly eserleri ykbalyň eçilýän peşgeşi hökmünde görüpdirler. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitaby hem pähim-paýhasa, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk hakyndaky öwütlere ýugrulan bu eseri ýaş nesliň aňyna hem-de kalbyna täsir edýän gymmatly ruhy baýlykdyr. Bu kitap ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna, eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldawdyr.
Orazgeldi ANNAÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby.



