
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ähli halkymyz bilen birlikde, bilim-terbiýeçilik ulgamynyň wekillerini hem tüýs ýürekden buýsandyrdy.
Çünki bu ýylyň ajaýyp şygarynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň akyldar şahyryna, edebi mirasymyza, milli terbiýeçilige goýýan ägirt uly sarpasynyň nyşany bolan şygry bilen baglanyşyk, halkyň köňül islegi bilen dahyllylyk, döwrüň belent sepgitleri, geçmişi, şu güni we ýagty geljegi bilen sazlaşyk bar. Şoňa görä-de, bu ýylyň şygarynyň ähli türkmenistanlylar hem-de eziz ýurdumyzyň halkara abraýy bilen bagly taryhy ähmiýeti bardyr. Şeýle-de Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde giňden belleniljek ýyly bolan 2024-nji ýylyň şeýle şygar bilen atlandyrylmagy örän uly many-mazmuna eýedir.
Bu ýylyň şanly şygary astynda geçirilýän maksatnamalaýyn çäreleriň bolsa halkymyzyň we ýaş nesliň durmuşynda hem möhüm ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, biz hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýylyň şygaryndan ruhlanyp, ýokary zähmet joşguny bilen okuw ýylynyň ikinji ýarymyna gadam basdyk. Bu döwürde biz ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar nesillerimize berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini has-da gowulandyrmaga çalyşarys. Çünki ýaş nesliň terbiýesinde we kämil kemala getirilmeginde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hem-de döwrüň açan mümkinçilikleriniň orny uludyr. Şoňa görä-de, çagalar bakja-bagymyzda ata-eneleriň, bilim we tehniki işgärleriň arasynda ýylymyzyň şygarynyň mazmunyny, ähmiýetini, nyşanynyň buýsandyryjy täsirini yzygiderli wagyz edýäris. Körpeler bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde bolsa pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, parahatçylygy, edep-terbiýeliligi, milliligi ündeýän şygyrlaryna yzygiderli ýüzlenýäris. Ýeri gelende bellesek, bu ugurda parasatly Pyragynyň öwüt-ündewe ýugrulan terbiýe mekdebi, Gahryman Arkadagymyzyň kämil eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlary we «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmalar bolup durýar.
Magtymguly atamyzyň baý döredijiliginden peýdalanylyp geçilýän sapaklar, ýylyň şygary astynda guralýan çäreler geljekde watançy nesilleriň döwletli döwrümize mynasyp kemala gelmeklerine oňyn täsirini ýetirer.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Mähriban Watanymyza buýsanjymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2024-nji ýyla «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip at berdik. Gahryman Arkadagymyzyň öz şygrynda belleýşi ýaly, biziň her birimiz üçin akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummanydyr» diýen ganatly sözleri bolsa bu ajaýyp ýylda mundan beýläk hem bilim syýasaty, nesil terbiýesi babatda alnyp barylýan tutanýerli işlere mynasyp goşantlarymyzy goşup, has yhlasly, netijeli we döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Şeýle ruhlandyryjy, galkyndyryjy, buýsandyryjy pursatlar bilen ýyllary taryhy wakalara besleýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary şäherindäki rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, TDP-niň işjeň agzasy.



