
Her ýyl bolşy ýaly, berkarar döwletimiz 2024-nji ýyly hem göwünleri ganatlandyrýan, ylhamlary joşdurýan taryhy wakalaryň gurşawynda garşylady. Şol wakalaryň iň esasylarynyň biri bolsa üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagydyr.
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary we hormatly Prezidentimiziň goldamagy bilen, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hoş habarlaryň seresidir we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralarynyň toýlanjak ýyly üçin iň mynasyp atdyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanyna şan, badyna bat goşmak her birimiziň mukaddes borjumyz. Şonuň üçin zähmet orunlarymyzda täze ýyla täze gadamlar bilen girişdik. Täze, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyrymyzyň ömri-döredijiliginiň, milletiň ruhy seždegähine öwrülen dürdäne eserleriniň umumadamzat gymmatlygynyň derejesine göterilen mukaddeslikdigini dünýä ýaýýar.
Biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerini başdan geçirýäris. Akyldar şahyrymyzyň beýikliginiň serhetlere sygmaýşy ýaly, onuň doglan gününiň dabaralary hem günleriň, hepdeleriň, hatda aýlaryň çygryndan aşyp, ýylboýy geçiriler. Şonuň üçin hem biz eýýäm akyldar şahyrymyzyň şanyna dünýä derejesinde tutulýan toýa girişdik. Toýly ýyl, şygyrly, aýdym-sazly ýyl gutly bolsun, eziz ildeşler!
Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyñ Agrar partiýasynyñ Lebap welaýat Halaç etrap komitetiniñ esasy hünärmeni.



