Žurnalistiň sahypasy

Paýhasa eýlenen setirleriň waspy

11-01-2024 / 9

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde milli mirasymyzy, taryhymyzy çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň içinden çykan watançy şahyrlarymyzyň soňraky nesillere miras galdyran edebi eserlerini toplap, ylmy esasda öwrenmek we ynsanperwer halkara gatnaşyklary arkaly dünýä tanatmak ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, türkmeniň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň ömrüni we döredijiligini dünýä halklaryna tanatmak maksady bilen üstünlikli işler alnyp barylýar.

Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we soňraky ösüşine esas bolan belent duýgulara baý goşgulary döreden şahyrdyr. Türkmen şygryýeti hem edil Gündogar şygryýeti ýaly özboluşly şygryýetdir. Şahyr gadymy döwürlerden bäri dowam edýän şygryýeti täze öwüşginler bilen baýlaşdyrypdyr. Onuň şahyrana gahrymany şygryýetiň şol asylly däplerini ýoýman, ony has-da berkidip, özüniň belent duýgulara baýlygy bilen has-da ösdürýär.

Magtymgulynyň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, yşky-liriki, dostluk baradaky gymmatly pikirleri öňe sürýär. Şahyr döwürdeşleriniň dünýägaraýyşlaryny, ruhy gözleglerini çeper söz arkaly bir gez beýgeldýär. Şol sebäpli onuň goşgulary häli-häzire çenli türkmen halkynyň kalbynda ebedi orun alyp gelýär. Şeýle başlangyçlardan ugur alan Gahryman Arkadagymyz hem täze eserinde “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynda beýik şahyryň öňe süren  pikirlerini goldaýar hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar raýatlaryna watansöýüjiligi, belent ahlaklylygy, adamkärçiligi wagyz edýär.

Oguljemal BABAÝEWA,
Saýat etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu