Ikinji gezek ene bolan meşhur aýdymçy Rihanna sport aýakgap markasy «Puma» bilen täze hyzmatdaşlyga gol çekdi.
Rihanna «Fenty» brendiniň döredijilik režissýorlygyna gaýdyp geleninden soň «Puma» sport egin-eşikleri markasy bilen birleşmegini dowam etdirýär. «Puma» -nyň «Creeper» model aýakgaplarynyň täze modeli üçin kameralaryň öňüne geçdi. Futbol bilen ylhamlanan «Avanti» -ni yzarlaýan «Creeper Phatty» has reňkli dizaýna eýe. FENTY x PUMA Creeper birleşiginiň täze agzasy, ähli ýaşdaky adamlara laýyk üç dürli reňkdäki sport aýakgaplary hödürleýär.
«TürkmenGazet».