
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Täze, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyrymyzyň ömri-döredijiliginiň, milletiň ruhy seždegähine öwrülen dürdäne eserleriniň umumadamzat gymmatlygynyň derejesine göterilen mukaddeslikdigini dünýä ýaýýar.
Pähim-paýhasy umman ýaly akyldar bu gün Gahryman Arkadagymyz bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen 300 ýyldan soň gaýtadan dünýä indi. 2024-nji ýyl bütin dünýäniň, tutuş adamzadyň Magtymguly Pyragyny okajak, onuň pähim-paýhasyna eýlenjek ýyly bolar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanyna şan, badyna bat goşmak her birimiziň mukaddes borjumyz.
Biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerini başdan geçirýäris. Akyldar şahyrymyzyň beýikliginiň serhetlere sygmaýşy ýaly, onuň doglan gününiň dabaralary hem günleriň, hepdeleriň, hatda aýlaryň çygryndan aşyp, ýylboýy geçiriler. Şonuň üçin hem biz eýýäm akyldar şahyrymyzyň şanyna dünýä derejesinde tutulýan toýa girişdik. Toýly ýyl, şygyrly, aýdym-sazly ýyl gutly bolsun, eziz ildeşler!
Yhlas ORAZMEDOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.



