Žurnalistiň sahypasy

Şanly ýylyň şygary

08-01-2024 / 5101

Täze ruh, täze güýç, täze ynam bilen 2024-nji ýyla gadam basdyk. Her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň köňül buýsanjyny goşalandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda şahyryň adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna, ynsanlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemekde milli edep-terbiýe mekdebine öwrülen gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak maksady bilen, toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hut şunuň esasynda, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmagyň özboluşly mazmuny bar. Täze ýylymyzyň şygarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alynmagy ähli türkmen halkynyň ýürek arzuwydyr, göwün islegidir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan täze — 2024-nji ýylda hem beýik işler üstünlikli durmuşa geçiriler, milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylar, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belent derejelere ýetiriler. Bu babatda beýik işlere badalga berip, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä derejesinde şöhratlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! Goý, gadam basan ýylymyz her bir ojaga mähir-muhabbet, saglyk, rysgal-bereket getirsin!

Aýgül ALTYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek hünäriniň 302-nji toparynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu