Sagdyn durmuş

Sag­dyn ýü­rek – sag­dyn ru­huň gi­re­wi

07-01-2024 / 9

Eger adam zy­ýan­ly iý­mit­ler­den daş­da du­rup, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň sag­ly­gy­ny go­ramagy ba­şar­sa, dep­res­si­ýa ýa­ly ýag­daý­la­ra az du­çar bol­ýar.

Ni­der­land­la­ryň Maast­riht uni­wer­si­te­ti­niň bar­lag­la­ryn­da mik­ros­ko­pik gan da­mar­la­ry­na ýe­ten ze­per, dep­res­si­ýa­ny 58 gö­te­rim art­dyr­ýan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Ha­çan-da, adam ka­pill­ýar­lar­da mik­ro­in­sul­ty ge­çi­ren bol­sa, howp ýe­ne-de 30 gö­te­rim art­ýar. Köp­lenç ka­pill­ýar­la­ryň, ýag­ny in­çe­jik gan da­mar­la­ry­nyň bo­zul­ma­gy­na ýo­ka­ry gan ba­sy­şy we süý­jü­ke­sel se­bäp bol­ýar. Bu da­mar­la­ryň we­si­pe­si kis­lo­rod ge­çir­mek­den yba­rat­dyr. Eger olar­da kynçylyk ýü­ze çyk­sa, beý­le­ki ag­za­lar kis­lo­rod ýet­mez­çi­li­gin­den ejir çe­kip baş­la­ýar. Şeý­le­lik­de, kis­lo­ro­dyň de­re­je­si­niň pe­se düş­me­gi beý­ni­niň hi­mi­ki ba­lan­sy­ny boz­ýar.

Eger-de adam zy­ýan­ly iý­mit­ler­den sak­lan­ma­ýan bol­sa, üs­te­si­ne-de, çi­lim hem çek­ýän bol­sa, on­da ýag­daý has-da çuň­la­şyp, howp­ly ýag­daý 58 gö­te­ri­me çen­li ba­ryp ýet­ýär. Kli­nik dep­res­si­ýa ýol be­ril­mez­li­gi üçin gi­per­to­ni­ýa (gan ba­sy­şy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy) we süý­jü­ke­se­le di­ag­noz goý­mak aý­ra­tyn ün­si ta­lap ed­ýär. Şeý­le hem, ka­pill­ýar­la­ryň nä­saz­ly­gy gö­züň, nerw­le­riň, de­ri­niň we böw­regiň işi­niň bo­zul­ma­gy­na alyp bar­ýar.

Ajaýyp JEPBAROWA,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň EKG lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu