Žurnalistiň sahypasy

Çagalar — durmuşymyzyň sütüni

07-01-2024 / 21

Öý-ojagy ala-ýaz edýän naşyja çagalar biziň bagtyýar durmuşymyzyň görki, maşgala binýadynyň örki hasaplanylýar. Ähli ýagşy arzuwlaryň wysal bolýan ýurdy bolan ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň gül-gunçalary, Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri  üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmençilikde ýedi sany zady ýüze sylmak parz hasap edilýändigi hakynda aýdylýar. Şol ýüze sylynýan durmuş pursatlarynyň biri hem täze dünýä inen çaga. Her bir zadyň öz görki bardyr. Öýüň görki, örki çagadyr. Maşgalanyň binýadynyň has-da berkemegi hem çaga baglydyr. Çaga — ynsanyň kalbyny, ömrüni, durmuşyny ýagtyldýar. Çagalaryň üýtgeşik, gyzykly, şadyýan dünýäsi kalbymyza ýakymlylyk, nuranalyk çaýýar.

Ýurdumyzda enäniň, çaganyň saglygyny gorap saklamak babatda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy tassyklanyldy. Çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Bu bolsa ata Watanymyz Türkmenistanda alnyp barylýan ähli üstünlikli özgertmeleriň ýaş nesliň geljegine gönükdirilendigini aýdyň beýan edýär. Şeýle hem ýurdumyzda çagalaryň hukuklary we kanuny bähbitleri goralyp, bu babatda Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar we  giň gerimli işleri alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan çagalaryň saglygy, ýaşaýyş-durmuşy, olaryň hukuklaryny goramak bilen bagly birnäçe işler durmuşa geçirilýär. BMG-niň Çagalar gaznasy ýurdumyzda çagalaryň arasynda dürli çäreleriň, gyzykly bäsleşikleriň guralmagyna we olaryň täsirli geçirilmegine işeňňir gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde nesil terbiýesine berilýän üns örän ýokary. Danalaryň belleýşi ýaly: «Edep bir miweli daragtdyr. Onuň suwy we idegi ýeterlik bolmasa, onda ol miwe bermez. Çaga, köplenç, enedir atasyndan görelde alýandyr. Şonuň üçin çagalaryňyza ýagşy görelde görkeziň».

Dünýägözel EREŞOWA,
Çärjew etrabyndaky Farap şäheriniň 25-nji çagalar bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu