
Mälim bolşy ýaly, ýakynda Türkmenistanyň teklibi esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu waka ähli halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Ýaňy-ýakynda Botswananyň Kasane şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolan 24 döwletiň wekilleriniň, şeýle hem halkara derejeli bilermenleriň biragyzdan goldamagynda ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça çözgüdiniň yglan edilmegi ähli watandaşlarymyzyň, şonuň bilen birlikde, ahalteke bedewleriniň jahanyň çar künjegindäki ýüz müňlerçe muşdaklarynyň göwnüni galkyndyrdy. Munuň özi dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan halkymyzyň atşynaslyk däpleriniň belende göterilmegi ugrunda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak, atçylyk pudagyny ösdürmek, ussat atşynaslaryň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgelerini dowam etdirmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilmegi, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işiniň yzygiderli ilerledilmegi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň abraýly halkara festiwallaryň we bäsleşikleriň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolmagy ýaly anyk işleriň ähmiýetini aýratyn nygtamak gerek. Bu ugurda şöhratly wakalary bilen taryha giren Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da mynasyp işler amala aşyryldy.
Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň açylmagynyň dünýä medeniýetiniň baýlygy hasaplanýan ahalteke bedewlerini sarpalamakda, goramakda, öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Akademiýada «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby hem hereket edýär.
Seýitdurdy GULJANOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby.



