Žurnalistiň sahypasy

Ýylyň şygary — paýhas çyragy

08-01-2024 / 19

Hormatly Prezidentimiziň täze ýyl Gutlagynda nygtalyşy ýaly,  «Mähriban Watanymyza buýsanjymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2024-nji ýyla «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip at berdik. Gahryman Arkadagymyzyň öz şygrynda belleýşi ýaly, biziň her birimiz üçin akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummanydyr.

2024-nji ýylyň Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi köňli Pyraga sarpaly, Gahryman Arkadagyna hormatly, döwlet Baştutanyna sylagly, ata ýurduma wepaly bagtyýar halkyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Merdana milletimiziň milli mertebesini alamatlandyrýan, halkyň edebi mirasynyň köklerini we beýik şahyryň nusgalyk şahsyýetini şöhlelendirýän bu şygar söze, sungata, edebiýata sarpa goýýan mähriban halkymyzy tüýs ýürekden begendirdi.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň täze ýyl Gutlagynda: «2024-nji ýyl beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak şanly senelere beslener» diýen sözleri bolsa bu ýylyň taryhy wakalara beslenjekdigini alamatlandyrýar. Baý mazmunly medeni çäreleriň, edebi-ylmy işleriniň, guramaçylyk taslamalarynyň geçirilmegi bilen Gündogaryň beýik söz ussadynyň sarpasynyň dünýäde ýene-de şöhratlanjak bu ýylynda halkymyzyň köňül çeşmesi hem has-da terlenip, edebi döredijiligiň täze eserleri, ýaş-nesliň edep-terbiýeçilik kämilligi barha ýokarlanar. Diýmek, ýurt mertebesini we şahyryň arzuwlan döwrüniň gülläp ösüşlerini dünýä jemgyýetçiligine äşgär etjek iri halkara çäreleriň, medeni-ylmy maksatly dabaralaryň geçiriljek taryhy ýylyna öwrüler.

Bellenilişi ýaly, bu ýylyň şeýle buýsançly at bilen şöhratlanmagynyň gözbaşynda milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesliň Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek ýaly maksatlar bar. Ýylyň şygarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusy bilen baglanyşyklydygy bolsa örän buýsandyryjydyr hem çuňňur mazmuna eýedir. Şoňa görä-de, bu şygar döredijilik eserlerinde hem sungat görnüşlerinde öz ajaýyp beýanyny tapar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebi mirasymyzy ylmy esaslarda öwrenmek, onuň baý hazynasyny dünýä ýaýmak, aň we ruhy taýdan ähmiýetini bolsa ýaş nesle öwretmek üçin arzyly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Ýalkymjemal SAPAROWA,
Mary şäherindäki 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu