Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly – asylly ýörelgelerimiziň waspçysy

07-01-2024 / 11

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary adamzat paýhasynyň dürdäneleri bolup ýalkym saçýar.

Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Milli şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem muny tassyklaýar. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygy ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Bu bolsa ussat şahyryň döredijiliginiň ähmiýetiniň hem-de ornunyň dünýäde ykrar edilýändigini, edil şonuň ýaly-da halkymyzyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna, sungatyna mynasyp goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.

Aşgabadyň günorta böleginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi hem beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr. Bu ýadygärligi öňde boljak baýramçylygyň çäklerinde açmak meýilleşdirilýär. Milli nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekiliniň hormatyna Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumyny döretmek taslamasy bu ýerde alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi.

Milli Liderimiziň beýik şahyra bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy ähli ildeşlerimiz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi we daşary ýurtlarda-da oňyn seslenme döretdi. Hormatly Arkadagymyzyň milletimiziň baý medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça ýadawsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan yzygiderli işleri dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Guwanç HOTJYÝEW,
Hojambaz etrap bilim bölüminiň hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu