Žurnalistiň sahypasy

Täze kitap – beýik işlere çagyryş

08-01-2024 / 10

Biz bu ýyly ruhubelentlik, buýsanç bilen garşyladyk. Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda elimize gymmatly sowgat bolup gowşan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny ýüzümize syldyk. Kitabyň ýaşlaryň mertebeliligi, nesle bolan ynam, buýsanç hakyndaky ýazgylary, esasan-da, ýaşlaryň täze döwrümizde gazanan sepgitlerine buýsançnamasy kalbyňa täsir edýär. Ýaşlar bilen birlikde täze üstünliklere ruhlandyrýar.

2023-nji ýylda bolup geçen buýsandyryjy wakalar halkymyzyň ruhuny göterdi. 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly iki Kararnamanyň birbada kabul edilendigini eşidip şatlanan watandaşlarymyz 25-nji dekabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykanyna has-da buýsandylar. Bu kitap hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna ajaýyp Täze ýyl sowgady boldy.

Geçen ýylda ýaşlaryň ykbaly bilen bagly ençeme täze, döwletli başlangyçlara badalga berildi. 27-nji dekabrda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, sport, medeniýet, senagat, oba hojalygy we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanan üstünliklerini görkezýän ýaşlaryň maslahaty we sergisi olara bildirilýän uly ynamyň ajaýyp miwelerini berýändiginiň özboluşly tassyklanmasy boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji mübärek eseri bilimli ýaşlara, eziz Watanymyza bolan buýsançdan söz açýar. Munuň özi nusgalyk kitabyň ýol-ýörelgediginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle ajaýyp eserleri peşgeş edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Gadam HAKYÝEW,
Hojambaz etrap bilim bölüminiň müdiriniň orunbasary.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu