Žurnalistiň sahypasy

Köňüllere siňen şahyr

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

08-01-2024 / 10

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, beýik maksatlar bilen gadam basan täze — 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz mülkünden köşk gurup, adamzat dünýäsiniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň has hem belent tutulýandygynyň ýene-de bir aýdyň beýanydyr.

Gündogaryň beýik akyldary  Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe, ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da güýçlenýär, barha beýgelýär. Muny tutuş türki dünýäde şu ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda geçmegi, hut geçen ýylda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi hem doly tassyklaýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly we neşir görnüşinde şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny» hem-de has doly we kämil derejede «Magtymguly Pyragy diwanyny» taýýarlamak, şahyryň şygyrlaryny daşary ýurt dillerine terjime edip, onuň ömrüne we döredijiligine degişli ylmy işleri çap etmek, edebi mirasyny toplamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. 

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna halkara derejede taýýarlyk görülmegi söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijiliginiň umumadamzat gymmatlygydygyny görkezýär. 2022-nji ýylda TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýyl «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu taryhy wakalar halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde-de, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmaga, onuň edebi mirasyny giňden wagyz etmäge uly ýardam berer.

Magtymguly Pyragy — dünýä ähmiýetli şahsyýet. Şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygryýeti häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrüldi.

Jennet REJEBOWA,
Hojambaz etrap bilim bölüminiň wezipesini ýerine ýetirijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu