
«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza ajaýyp döredijilik sowgady boldy. Munuň özi beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý toýy halkara derejede giňden bellenilýän täze, 2024-nji ýylyň turuwbaşdan döredijilikli gelendigini alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz kitabynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda-da gazanylan uly üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, olarda ýaşlaryň işjeň ornuny giňişleýin we çeper beýan edýär. Kitabyň «Milli mirasymyzyň eýeleri: edebiýat, sungat we ýaşlar» atly bölümi ýörite şu ugra bagyşlanýar. Şeýle-de kitapda medeniýet we sungat ugry boýunça türkmen ýaşlarynyň gazanan halkara üstünlikleri jikme-jik beýan edilýär. Ýaşlaryň durmuşyndan, alyp barýan işlerinden, şol sanda dürli medeni çärelerden, döredijilik forumlaryndan, festiwallardyr sergilerden pursatlary şöhlelendirýän fotosuratlaryň her bölümiň mazmuny bilen ugurdaş berilmegi kitabyň okyjylar üçin täsirliligini has artdyrýar.
Täze eserde Arkadag şäherinde geçirilen medeni çärelere, wakalara hem ýokary baha berilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, bu ýerde geçen ýyl ilkinji gezek geçirilen V Wena balyna, «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertine hem-de «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala üns çekilip, olaryň ýurdumyzyň we dünýäniň medeni durmuşynda özboluşly ähmiýete eýe bolandygy hakda aýdylýar. Şulardan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryny belent maksatlara ruhlandyran eserinde şäheriň derejesiniň we ähmiýetiniň ýurdumyzyň kanunçylygynda hukuk taýdan berkidilendigini nazarda tutmak bilen, onuň dünýäde mynasyp orny eýelemegi üçin, Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagy hem maksadalaýyk hasaplaýandygyny belleýär. Bu ugurda gymmatly pikirlerini, döwlet syýasatynda ileri tutýan binýatlaýyn ýörelgelerini beýan edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitapda watansöýüji, belent adamkärçilikli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek işinde edebiýatyň ornuna, ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginiň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň kämil eserleriniň uly ähmiýetine aýratyn ünsi çekýär. Şunda ýurdumyzda ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik ýol-ýörelgeleriniň häzirki döwürde täzeçe many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy barada aýdylýar.
Maral ÖWEZOWA,
Saýat etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.



