Žurnalistiň sahypasy

Şahyryň poeziýasy — ylham akabasy

05-01-2024 / 13

Türkmen topragy — beýik Magtymguly Pyragynyň Watany. Onuň gadam yzyny goýan, şypaly howasyndan dem alan ýurdy. Şonuň üçin bu gadymy hem müdimi toprak akyldaryň beýik ruhy bilen dem alýar. Halkymyz onuň şygyrlaryny dillerine sena edip ýaşaýar.

Şygyr äleminiň, şol sanda keramatly söz mülküniň eýesi hasaplanýan asylzada şahyrymyzyň döredijiligi giň göwrümli, özboluşly bir dünýädir. Onuň dürdäne şygyrlary owsun atyp, çar künjege anbar ysyny saçýan türkmen sährasynyň läle-reýhan güllerine meňzeýär. Munuň özi-de şahyryň şygyrlarynyň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda hem söýlüp okalýandygyndan, Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň has-da belentliginden habar berýär.   

Akyldar şahyrymyz döredijilik äleminde özüniň şygyrlary bilen ähli temalara diýen ýaly ýüzlenipdir. Şahyryň dürli ugurlarda döreden şahyrana eserleri türkmen edebiýaty bilen bir hatarda dünýä edebiýatynyň hem baýlaşmagyna binýat bolupdyr. Şeýle temalaryň biri-de watanperwerlikdir. Watansöýüjilik şahyryň döredijiliginiň esasyny düzýär diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Onuň «Äleme belgilidir» atly şygrynda:

Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz,

Asly Gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymguludyr

— diýen çuňňur many-mazmuna ýugrulan setirleri watançylyk temasynda döreden şygyrlarynyň gözbaş urbasydyr. Çünki göbek ganyň daman ýeri ynsanyýet  üçin mukaddeslikleriň biridir.

Aýna MINÝAŞAROWA,
Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň redaktory.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu