
Türkmen halkymyzda ähli gowulyklaryň sakasynyň saglykdygy aýdylýar. Häzirki döwrümizde hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyny goramagy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Şonuň üçin hem keselleriň öňüni almakda, halkyň sagdyn durmuşyny üpjün etmekde uly işler alnyp barylýar.
Saglyk, sagdyn bolmak islendik ýaşda özüňi gowy duýup ýaşamakdyr. Bu bolsa, ilki bilen, biziň her birimiziň öz saglygymyz hakynda alada etmegimize baglydyr. Elbetde, adamyň jan saglygy köp ugurlar bilen baglanyşykly bolýar. Ýagny, sagdyn durmuş ýörelgesini özüňe endik edinmek, kadaly iýmitlenmek, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek iň derwaýys şertlerdir.
Şolaryň esasy ugurlarynyň biri hem kadaly iýmitlenmek bolup durýar. Iýmitiň kadalylygyny berjaý etmegiň adamyň jan saglygy üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny alymlar subut etdiler.
Sagdyn iýmitlenmek üçin ilki bilen şu maslahatlary berjaý etmäge çalşyň: Nahary işdä bilen iýiň. Peýdaly miweleri iýmäge çalşyň, saçak başyndan aşa doýman turmagy endik ediniň. Krahmala baý iýmitlerden peýdalanyň. Çörek, aşlar, ýeralmasy we tüwi ýaly önümler biziň iýmitimizde krahmalyň gymmatly çeşmesidir.
Köp adamlar düzüminde krahmal bolan iýmitler semizlige alyp barýar diýip pikir edýärler. Emma şu önümleri saklamagyň ýa-da taýýarlamagyň öz kadalary bardyr. Mysal üçin, gaýnadylan ýeralma seredeniňde, gowrulan ýeralmada kaloriýa üç esse ýokarydyr.
Miweler, gök önümler, şeýle hem süle we hozlar örän peýdalydyr. Özi hem miweleriň ganyň düzüminde holesterini pes derejelerde saklamaga kömek edýän görnüşleri bardyr.
Kadaly iýmitlenmek düzgünlerini berjaý etmek bilen, biziň her birimiz ýüze çykyp biläýjek aşa semreme, gan basyşynyň ýokarlanmasy, ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklary, täze döremeler we ýene-de birnäçe keselleriň öňüni alyp bileris. Her bir adamyň saglygy öz elindedir. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, öz saglygyňyzy gorap saklaň!
Maýa ALLABERENOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.



