
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyrylýan, ajaýyp ösüşleriň gazanylýan we belent sepgitleriň ýetilýän eýýamydyr. Onda esasy ynam Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna bildirilýär. Munuň özi täze taryhy döwürde ähli ýaşlaryň bilim alyp, ylym öwrenip, ählitaraplaýyn kämil hünärmenler hökmünde durmuşa geçiriljek beýik işlere mynasyp goşant goşmaga bolan ynamyny has-da artdyrýar, olary ruhlandyrýar.
Geçen 2023-nji ýylda ýurdumyzda täze bilim edaralary, şol sanda 13 sany çagalar bagy, 19 sany orta mekdep we okuw-terbiýeçilik toplumy açylyp ulanmaga berildi. Hünärmen, magistr we bakalawr maksatnamalary boýunça täze hünärler açylyp, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlarymyz okuwa kabul edildi. Munuň özi ösüşiň belent sepgitleriniň ylymly-bilimli, döwrebap dünýägaraýyşly nesiller bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň tassyklaýar.
Täze taryhy döwürde milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär.
Ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Saýýara TAÝYROWA,
Dänew etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň můdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.



