Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlaryň durmuşynda taryhy ýyl

29-12-2023 / 10

«Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. 2023-nji ýylyň «Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçmegi hem muňa aýdyň subutnamadyr.

Biz şu ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýaş nesliň şu günki we geljekki ykbaly bilen baglanyşykly göwün galkyndyryjy wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolduk. Hemmämiz üçin möhüm ähmiýetli waka öwrülen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi we amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy netijesinde ukyp-başarnykly ýaş nesliň zehinlerini ýüze çykarmaga ýene giň mümkinçilikler açyldy.

Şonuň ýaly-da, şanly üstünliklere beslenýän ýylymyzda «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnalynyň işe başlamagy ýaşlaryň döredijilik we çeper-publisistik eserlerini dünýä dillerinde köpçülige ýetirmäge ýene bir mümkinçilik döretdi.

Şu ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» nurana geljegi gurmagyň bähbidine beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri kesgitleýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp günlerinde Köpetdagyň eteginde dünýäde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň toý ruhunda açylmagy, bu şäheriň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi, akylly şäheriň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň ýolbaşçy wezipeleriniň ýaşlara ynanylandygy aýratyn bellenilmeli ýagdaý boldy.

Ýaşlaryň bagtyýar durmuşy ugrunda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy ýylymyzyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy bagtdan paýly türkmen ýaşlaryna ajaýyp toý sowgady boldy. 

Eziz EMINOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu