Žurnalistiň sahypasy

Türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň waspnamasy

04-01-2024 / 12

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy wakalara, ajaýyp üstünliklere baý ýyllaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, şol ýylyň jemlerine bagyşlanyp, ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň üstünlikli geçirilmegi hem-de bu taryhy wakanyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi buýsançly başlarymyzy göge ýetirdi.

Bu günki gün türkmen ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, hünär öwrenýärler, döredýärler, gurýarlar, özlerine bildirilýän belent ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň ynamy biz — ýaşlary täze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabyny hut ýaşlara, olaryň gazanan üstünliklerine bagyşlamagynda-da biz şeýle belent ynamy duýýarys.

Birnäçe bölümden ybarat bolan bu ajaýyp kitap döwlet Baştutanymyzyň parasatly pikir-garaýyşlaryny, ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyryjy dürdäne sözlerini özünde jemleýär. Ýaş nesiller üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikleriň döredilýändigine hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň sahypalaryny açanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň bu çeper-dokumental kitaby «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen ýylda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň özboluşly jemlenmesi hem-de waspnamasydyr. Şonuň bilen birlikde, ol 2023-nji ýylda ýurdumyzda, halkymyzyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalary-da şöhlelendirýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan döwrebap usulda neşir edilen kitabyň sahypalarynda bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşyndan bagtly pursatlary açyp görkezýän ýokary hilli fotosuratlaryň hem ýerleşdirilendigi onuň täsirliligini has-da artdyrýar.

Nurbibi TAGANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu