
Her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze, 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň köňül buýsanjyny goşalandyrdy.
2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmagyň özboluşly mazmuny bar. Täze ýylymyzyň şygarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alynmagy ähli türkmen halkynyň ýürek arzuwydyr, göwün islegidir.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ähli babatda ägirt uly üstünlikler gazanyldy, halkara hyzmatdaşlygynda belent sepgitlere ýetildi. Hut geçen ýylda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň, şonuň bilen birlikde-de, dünýäniň medeni ösüşine ýurdumyzyň goşýan beýik goşandynyň subutnamasydyr.
Ajaýyp täzelikler, buýsançly wakalar biziň güýjümize-güýç goşup, göwünlerimizi joşdurýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan täze — 2024-nji ýylda hem beýik işler üstünlikli durmuşa geçiriler, milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylar, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belent derejelere ýetiriler. Bu babatda beýik işlere badalga berip, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä derejesinde şöhratlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! Goý, gadam basan ýylymyz her bir ojaga mähir-muhabbet, saglyk, rysgal-bereket getirsin!
Merdan HANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.



