Žurnalistiň sahypasy

Beýik menzilleriň başlangyjy

Buýsançly köňülleriň kelamy

31-12-2023 / 19

Üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly biz — ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara baý ýyllaryň biri boldy. Ýylyň ahyrynda ähli pudaklarda dürli kärlerde zähmet çekýän we öz ugurlaryndan kämil baş çykarýan, ýylyň dowamynda ýokary netijeleri gazanan ýaşlary döwlet derejesinde sylaglamak dabaralary bolup geçdi. Bu dabaralara gatnaşmak üçin ülkämiziň dürli künjeklerinden ýaşlar geldi. Şolaryň arasynda bolsa Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Medeniýet merkeziniň tans artisti Nurmyrat Aşyrow hem bardy.

Iş sapary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabada gelen doganym şäherimiziň her bir köçesiniň bezelişini, Täze ýylyň garşy alnyşyny synlady. Ýüzleri ýylgyryp duran nurana adamlary göreniňde dumly-duşdan çagajyklaryň gülki sesleriniň, Täze ýyl we Aýazbaba baradaky goşgularyna, aýdym-sazlara diň salman geçmezlik mümkin däldi.

Ýaşlar forumyna we konserte gatnaşan Nurmyrady ugratmak maksady bilen demir ýol menziline baranymda, ol görüp-eşiden zatlaryndan gürrüñ berdi.

 — Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji ýazan eserini — «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny aldym we ony okamana howlukýan — diýip, Nurmyrat şeýle bir uly joşgun bilen gürledi. — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — ýaşlara täze kitabyny peşgeş bermegi Täze ýylyň öňüsyrasynda bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Kitabyň çapdan çykmagy biziň köňül guşumyzy al-asmana ganatlandyrdy, şatlygymyza şatlyk goşdy.

Danalaryň belläp geçişi ýaly, kitap — ruhy baýlyk. Geljekde bu kitap biz — ýaşlaryň ýankitabyna öwrüljekdigine berk ynanýan — diýip, ol sözüni jemledi. Onýança, otly menzile gelip saklandy.

Demir ýollaryň üsti bilen obamyza tarap ýola düşen doganymyň gaýdyp barýanyna tebigatam edil meniň  bilen bile hoşlaşyk pursadyny halamaýan ýaly, çapgyn şemalyny güýçlendirip ugrady. Ümürli howanyñ içinde gitdigiçe uzaklaşýan otly gözýetimden tiz ýitdi. Ol wagtyň haýryna däl-de, doganymyň haýryna tiz gidip barýan ýalydy…

Men munuň sebäbine pikirlenmezden düşündim. Nurmyrat kitap okamagy çagalygyndan endik edinipdi. Şonda düşündim, otlynyñ wagtyň haýryna däl-de, doganymyň haýryna tiz gidip barýanyna. Şeýle-de edil meniň deý, täze kitaba bolan söýgüsiniň gursagyna sygmaýandygyna göz ýetirdim. «Gany biriň — jany bir» diýilýäni hem şu bolsa gerek…

Gurbanmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu