Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar — röwşen ertirlerimiziň eýeleri

30-12-2023 / 12

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat hem-de köpugurly sergi, türkmen we daşary ýurt sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň dabaraly jemlenmesine öwrüldi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly türkmen ýaşlarynyň eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, beýik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda has-da öndürijilikli we netijeli zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilen ajaýyp ýyllaryň biri hökmünde taryha girýär. Şanly ýylymyzyň dabaraly jemlenýän günlerinde halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň geçirilmegi, onuň çäklerinde ýurdumyzyň dürli ugurlarda aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bolsa juwan köňüllere şatlyk paýlan ajaýyp waka boldy. 

Mälim bolşy ýaly, belent ruhly, hemmetaraplaýyn bilimli, aň we beden taýdan kämil, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň strategik wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda maksada okgunly, ýokary hünärli, taýýarlykly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýelemegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, binýatlaýyn resminama — «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Täze ýylyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ähli türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Yzygiderli ünsüň we goldawyň netijesinde, ýaş nesiller ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy orunlara barha ynamly çykýarlar. Olaryň öňünde ähli gujur-gaýratyny, bilimlerini we başarnyklaryny ulanmak arkaly täze taryhy eýýamda başy başlanan ägirt uly özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmek, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary, geljegi uly taslamalary, meýilnamalary durmuşa geçirmek wezipeleri durýar. Ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär.

Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu