
Döwletimiz arzuwlaryň hasyl bolýan, ýaş nesillerimize uly ynam bildirilýän ýurt hökmünde tanalýar. Geljegimiziň röwşen çyragy bolan ýaşlar baradaky alada, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegi ugrunda halkymyzyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň möçberli asylly işler alnyp barylýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň dekabr aýynda geçirilen ýaşlar baradaky halkara ylmy-maslahat we sergi türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny, olaryň bagtyýar zamanda ýerine ýetirýän işlerini, Watanymyzyň dürli ugurlardaky üstünliklerine mynasyp goşant goşmakda alyp barýan işleriniň netijesini görkezdi. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sport ulgamyndaky ösüşli menzilleriň sebäpkärleri bolan tälimçidir türgenlerimiziň Şa serpaýlaryna mynasyp bolmagy, bu ugurda zähmet çekýän we türgenleşik geçýän ýaşlarymyzda hünärine bolan beýik söýgüni, ýeňişe bolan ynamy döretdi. Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Kuraş görnüşi boýunça XIV dünýä çempionatynda üstünlik gazanan türgenlere we olara tälim beren tälimçileriň sylaglanmagy, ýokary kysymly ýeňil awtoulagynyň sowgat berilmegi türkmen sportunda hyzmatyny gaýgyrmaýan ýaşlarymyzyň gursagynda hyjuw, gaýratly gollaryna güýç-kuwwat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhas ummanyndan syzylyp çykan ýaş nesillerimize bagyşlanan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitabynyň halkymyza sowgat bermegi bolsa türkmen ýaşlarynyň, ähli halkymyzyň begenjini goşalandyrdy.
Ýurdumyzda watansöýüji, ruhy ahlakly, ynsanperwer, maksadaokgunly, özüne bolan ynamy bilen dünýä çykýan ýaşlarymyz döwrümiziň nury bolup, geljegimize şugla saçýar. Ýaş nesillerimiziň bagtyýar zamanda bagtly döwran sürmekleri ugrunda ýadawsyz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri elmydama üstünliklere beslensin!
Täze — 2024-nji ýylymyz halkymyza, ýurdumyza bagt, ýaşlarymyzyň gaýratyna güýç, döredijiligine ylham bersin!
Ata ABDYLLAÝEW,
Murgap etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygy.



