Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlaryň durmuşynda taryhy ýyl

28-12-2023 / 12

Mälim bolşy ýaly, 27-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ol “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Gazanylan ägirt uly üstünlikler döwlet ösüş ugrunyň oýlanyşykly saýlanyp alnandygynyň görkezijisi bolmak bilen, bu ugry eziz Diýarymyzyň ykbaly we geljegi üçin jogapkärçilik çekýändiklerine düşünýän ähli türkmenistanlylaryň giňden goldaýandygynyň beýany boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmegi we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy baş maksat hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeler syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Täze ýylyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ähli türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda ýaşlaryň başlangyçlaryny we üstünliklerini giňeltmek maksady bilen guralýan şu gezekki forum hem munuň nobatdaky güwäsidir.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, maslahatyň işi ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan ýörite bölümçeleriň 10-synda dowam etdi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatynda we Mejlisinde wekilçiligi — türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň dowamaty” atly bölümçe ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ulgamynda kanun çykaryjylyk işini hem-de milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, döwrebap bilim-terbiýe almak üçin şertleri üpjün etmek, ýaşlaryň dünýägaraýşyny, ukyp-başarnyklaryny ösdürmek meselelerine bagyşlandy.

Ýaşlara okamaga, işlemäge zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu