Žurnalistiň sahypasy

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek

26-12-2023 / 18

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni hem özüne çekýär.  Eziz Diýarymyzda bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilip, ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda esasan hem ýurdumyzda ilatly ýerleriň köpelýändigini şeýle-de ulag kommunikasiýalarynyň, senagat düzüminiň ýokary depginler bilen ösýändigi bilen  baglylykda ýaşyl zolaklary we tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar. Ekologiýa abandançylygyny üpjün etmek tebigaty gorap saklamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwletimiz iri halkara guramalaryň, düzümleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýurdumyz häzirki wagtda BMG-nyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli, köptaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlyklary saklaýar.

Ýatlap geçsek, geçen 2022-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Türkmeniň tebigata aýawly garamak däpleri häzirki döwürde milli hukuk resminamalarynda hem öz beýanyny tapýar. Çünki esasy wezipe ilatyň ekologik medeniýetini ýokary götermek, ýaş nesliň aňynda daşky gurşawy gorap saklamak düşünjesini terbiýelemekden ybaratdyr. Ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen şeýle il-ýurt bähbitli işlere ýaşlaryň çekilmegi bolsa olaryň tebigata bolan söýgüsiniň aýdyň alamaty bolup durýar.

Ekologiýa abadançylygyny ösdürmekde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti hem birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Çölleşmäge garşy göreşmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly işler bu jemgyýetiň öňünde durýan esasy wezipedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz tebigaty goramaga we ony has-da gözelleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Şonuň üçin hem il içinde «Bagym bar, barym bar» diýlen aýtgy asyrlar boýy ýaşap ýör.

Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu