Žurnalistiň sahypasy

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary

27-12-2023 / 14

Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi ähli halkymyzda buýsanç döretdi.

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirmegi, çagalar bilen ýürekden gürrüňdeş bolmagy, ýaşajyk zehinleriň çeken suratlary bilen tanyşmagy, şeýle-de ol ýerde oturdylan Täze ýyl arçasynyň daşynda guralan dabaralara gatnaşyp, çagalaryň şowhunly çykyşlaryny, aýdymdyr goşgularyny diňlemegi ähli halkymyzda buýsanç döretdi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäherde halkymyza Täze ýyl Gutlagyny beýan edende şeýle diýdi: “Biziň her birimiziň ömrümiziň manysy, durmuşymyzyň höziri hem Watanyň röwşen ykbalyna mynasyp goşant goşmakdadyr. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Döwlet diňe halky bilen döwletdir! Watan diňe halky bilen Watandyr!».

Ösüp gelýän ýaş nesilleri, hemmetaraplaýyn goldamak ugrunda döwletli işleri amal edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, işlerinde egsilmez rowaçlyk arzuw edýäris.

Jorahal IBRAGIMOWA,
Çärjew etrabyndaky Farap şäher 19-njy çagalar bakja bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu