Žurnalistiň sahypasy

Beýik ynsanperwer şahyr

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

27-12-2023 / 13

Magtymguly Pyragy — dünýä ähmiýetli şahsyýet. Şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna halkara derejede taýýarlyk görülmegi söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijiliginiň umumadamzat gymmatlygydygyny görkezýär. 2022-nji ýylda TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýyl «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu taryhy wakalar halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde-de, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmaga, onuň edebi mirasyny giňden wagyz etmäge uly ýardam berer.

Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Milli şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem muny tassyklaýar. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygy ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Bu bolsa ussat şahyryň döredijiliginiň ähmiýetiniň hem-de ornunyň dünýäde ykrar edilýändigini, edil şonuň ýaly-da halkymyzyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna, sungatyna mynasyp goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.

Magtymguly Pyragynyň öňde boljak 300 ýyllygy bilen bagly mowzuk döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda hem beýan edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Şonda öz çykyşyny Magtymguly Pyragynyň «Adamzat» atly goşgusynyň sözleri bilen tamamlap, döwlet Baştutanymyz döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylygyň, adalatlylygyň, ösüş ideallaryna wepalylygyň bilelikdäki işlerde esasy we aýdyň ýörelge bolmagyny arzuw etdi.

Zöhre JUMAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu