Žurnalistiň sahypasy

Adam hakda alada — abadançylygyň gözbaşy

27-12-2023 / 15

Döwletimiz garaşsyz, özbaşdak, özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden başlap, bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda halkara bileleşigiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, jebisleşdirýän, öňdengörüjilikli hem-de maksada okgunly daşary syýasaty saýlap aldy. Adamy iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edýän döwletimiz halkymyzyň yhlasly, tutanýerli zähmeti, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri netijesinde dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet maksatnamasy ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, bu möhüm pudagyň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlanylmagyna we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösüşine gönükdirilendir. Maksatnama boýunça amala aşyrylýan işler esasynda saglygy goraýyş we derman senagaty halkara derejede ösdürilýär. Keselleriň öňüni almakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, keselleriň öňüni almak, kämil hem-de ýokary netijeli ulgamy döretmek Maksatnamanyň rejelenen görnüşinde we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynda aýdyň beýan edilýär.

Saglyk — islendik ýurduň ilatynyň durmuş abadançylygynyň görkezijisi. Döwletiň ähli kuwwaty, rowaçlyk binýady — il-halkynyň saglygynda.

“Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu bolsa adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagyna we ilatyň durmuş derejesiniň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýär.

Ýagşymyrat HUDAÝBERDIÝEW,
Lebap welaýat «Ene mähri» merkeziniň reanemotolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu